Mazmuna geçiň

Balkan welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
InternetArchiveBot (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 21:15, 5 awgust 2021 seneli wersiýa
(tapawut) ← Ozalkysy | Häzirki wersiýany görkez (tapawut) | Indikisi → (tapawut)
Balkan welaýatyndaky taryhy ýadygärlikleriň Ýerleşişi

Maşat-Misserian minarasy

[düzet | çeşmäni düzet]
Maşat-Misserian minarasy

(1102-nji ýylyň minarasy) Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde inliligi 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerbiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.

Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir.

Maşat-Misserian metjidi

[düzet | çeşmäni düzet]
Maşat-Misserian metjidi

(XIII asyr)

Horezm şalarynyň döwlet ulgamyna giren orta asyr şäheri Misserian Türkmenistanyň söwda we senetçilik merkezleriniň ulularynydan biri bolupdyr. Onda Horezm şalarynyň döwründen galan ýeke-täk ýadygärlik, köpçülikleýin ybadathana metjidiniň galyndylarydyr. Metjidiň esasy jaýynyň portalynyň iki pilony we häzirki wagtda 20 metre çenli ýokary göterilip duran minarasy saklanypdyr. Metjidiň ortasy howuzly, tüweregi gümmezli galereýa bilen gurşalan gönüburçly howlusy bolupdyr. 18 metrlik portal ol galereýanyň üstüne abanyp duran eken. Minara-da, portallaryň sütünleri-de alebastradan edilen palçyk arkaly bişen kerpiçden (21x21x4,5 sm.) örülipdir. Portal dury gök reňkli geometrik we epigrafik şekilleriň guýma terrakot nagşy bilen kemsiz bezelipdir.

A.A.Semýonow we M.Ý.Masson tarapyndan portal ýazgysynyň okalan böleklerinde gurluşygyň wagty we atlar hakynda möhüm maglumatlar berilýär. Tekstde Gurhanyň mazmunyndan alynanlardan başga, şeýle sözler bar: “...dünýäniň we diniň beýigi, yslamyň we dindarlaryň goragçysy, älem-jahanda Allanyň kölegesi, soltan Muhammet soltan Tekeş ogly...”. Ýazgyda Horezmiň hökümdary soltan Muhammediň (hökümdarlyk eden ýyllary 1200-1220-nji ýyllar) adyndan başga metjidi we minarany guranlaryň atlary - Abul-Hüseýin ibn-Muhammet an-Nak we Muhammet ibn-al-Hüseýin an-Nak hem getirilipdir.

Şirbekir kümmeti

[düzet | çeşmäni düzet]

(X asyr)

Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.

Düýbüne tarap galňaýan diwarly (ortaça galyňlygy 1,5 metr töweregi) inedördül mawzoleý (taraplary 8,1 metr) inedördül çig kerpiçden (23×25×6 sm) gurlupdyr we iç ýüzünden her diwary 40 sm töweregi çuňlukda, beýik göni üç sany tagçaly desga bolupdyr. Gündogar diwarda aýratyn bezelen mährap bar. Mährabyň çeperçilik bezegi sungatyň seýrek duöýan nusgasydyr. Onuň ýitip barýan reňkleriniň yzy saklanypdyr.

Köp gezek edilen rejeleýiş işleri we üýtgedip gurmalar desganyň ilkibaşdaky kompozisiýasyny bozupdyr. Häzirki wagtda jaýyň daş keşbi özüniň çeperçilik mertebesini ýitiripdir, emma onuň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligini saklapdyr.

Arap syýahatçysy Al-Makdisi (X asyr) “agaç sütünleriň üstünde” duran, uly şöhrat gazanan köne metjit hakynda aýdanda, belki şu ýadygärligi göz öňünde tutandyr.

'Türkmen Stounhenj'

[düzet | çeşmäni düzet]

'Türkmen Stounhenj'- Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesiniň Ak obasynyň golaýynda, Gyzyl Ymam gonamçylygyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ol ýerdäki gadymdan dikeldilen, ýogynlygy 30-40 santimetre ýetýän, iň beýigi ýerden 5 metrden gowrak saýlanyp duran daşlar öz ýasalyş aýratynlyklary boýunça ençeme jogapsyz sowallary orta atýar. Bu täsin mesgen baradaky ilkinji maglumatlar baryp 1929-nji ýylda peýda bolýar. Olary ilkinji bolup şol döwrüň belli alymlary A.P.Poseluýewskiý, W.E.Masson we beýlekiler öwrenipdirler. Şol alymlar olary başujy daşlar diýip, hasaplapdyrlar.

Emma, ol ýere baryp, iň günorta-günbatarda oturdulan daşdan beýlekilerine seredilen halatyňda, welin, bu daşlaryň ýörite bir maksat bilen oturdylandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Çünki, burçdaky daş beýleki daşlara görä hasapbaşy hökmünde oturdulypdyr diýen netijä geleniňi duýman galýarsyň. Ol daş gönüburçyň bissektrisasyna perpendikulýar, ýüz tarapynda bolsa töwerek 45 gradusdan sekiz bölege bölünipdir. Ol daşdan beýleki daşlara seredilen halatynda, beýik daşlaryň dörtburçlugyň perimetrinde oturdylandygy aç-açan görnüp dur. Ol dörtburçlygyň içinde bolsa beýik bolmadyk, dürli aralyklarda, dürli ugurlarda dikeldilen daşlaryň ençemesini görmek bolýar. Dörtburçlugyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, ýykylan binanyň düýbi bolsa ol ýerde bir wagtlar gözegçilik edilen binanyň bolanlygyna şaýatlyk edip dur. Çünki, ol nokatdan töwerek-daşa gözegçilik etmek diýseň amatlydyr.

Eger-de, bu daşlara astronom hökmünde ser salynan halatynda, olaryň belli bir maksat bilen gurulandygyna, göz ýetirmek bolýar. Daşlardaky ýazgylaryň käbiri bolsa ol ýerden 8 kilometr uzaklykdaky Bezegli deräniň gowaklarynyň diwarlarynda, gaýalarda mundan 14 müň ýyl öň çekilen käbir nyşanlary ýada salýar. Diýmek, ol nagyşlary şol ýerlerde ýaşan adamlaryň ýa-da olaryň nesilleriniň galdyran bolaýmagy gaty ähtimaldyr. Daşlary gören adamlarda ilki döreýän sowallaryň biri hem "Bu daşlar nireden getirildikä?!" diýen sowal bolsa gerek. Çünki, ýakyn golaýlardan asla şeýle uzynlykdaky daşlary tapar ýaly ýeriň ýoklugy mälimdir. Galyberse-de, beýik daşlaryň kiçi daşlara görä ýerleşişi, ol ulgamyň Türkmenistanda, şeýle-de adamzat siwilizasiýasynda iň gadymy dörän sada obserwatoroiýalaryň biridir diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle halatda, ol "türkmen Stounheji" diýen ada mynasyp bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň Stounhenj (Stonehenge) obserwatoriýasyndaky daşlar boýunça pasyllaryň çalyşmagyny, Aýyň we Günüň tutulmaklaryny kesgitlemek üçin oturdulana meňzeýär. Gyzyl Ymamdaky köp sanly ululy-kiçili daşlar, belli bir kanunalaýyklykda ýerleşdirilen ýaly bolup görünýär. Emma onuň anygyna ýetmek üçin bu mesgende hemmetaraplaýyn arehologiýa we astronomiýa ylymlaryna görä ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerurdyr. Eger, ol, hakykatdan hem, türkmen "Stounheji" bolup çykaýsa, onda bu ylym we taryh üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolar we Türkmenistanyň bu çäginde öň siwilizasiýanyň henize çenli mälim bolmadyk aýratyn ojagynyň barlygy ykrar ediler hem-de Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir ajaýyp altyn sahypa açylar. [1] Archived 2009-01-08 at the Wayback Machine

Ulanylan Çeşme

[düzet | çeşmäni düzet]