Sarymsak
Sarymsak Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Kesewini dürtseň, gögerýän ene ýerimizde ösüp ýetişýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň biri-de sarymsakdyr. Onuň içdäni açmak, iýmit siňdirişi kadalaşdyrmak,ödi ,içegeleri arassalamak, damarlary giňeltmek,peşew işläp çykarmak,seýle hem ýüregiň gan aýlanyşyny kadalaşdyrmak ýaly häsiýeti bar. Sarymsak lukmançylykda giňden ulanylýar. Onuň spirte ýatyrylan görnüşi peşew haltadan we böwrekden daş çykarmakda hem-de guragryny aýyrmakda ulanylýar. Şonda 40 gram owradylan sarymsak 100 gram araga garylýar we şol erginiň 10 damjasy nahardan öň içilýär. Sarymsak gan basyşy ýokorlanan adamlayň we ateroskleroz keselli näsaglaryň kellagyrysyny , baş aýlanmasyny,ukysyzlygyny aýyrýar we akyl zähmete bolan ukybyny ýokorlandyrýar. Sowuklamada , demgysmada,gökbogmada sarymsak mesge ýagyna garylyp ,döşüň töweregine we arkada boýnuňa çalynýar. Mesge we süýt bilen garylan sarymsak iriňli ýaranyň tiz bitmegine ýardam edýär. Owradylan sarymsak ýa-da onuň şiresi siňňili aýyrmakda ulanylýar. Sarymsak çeýnelende, dişleriň düýbi bekäp , agyzdaky ýaralar bitýär. Ezilen sarymsakdan dem alynsa , dem alyş ýollarynyň sowuklamasy bejerilýär. Bu serişde bilen iriňli we bitmesi kyn bolan ýaralar aňsatlyk bilen bejerilýär. Sarymsak içegedäki soguljany aýyrmakda hem ulanylýar. Şonda 5-8 diş sarymsak gaýnadylan suw bilen içegäni ýuwmaly ýa-da sarymsagyň 1 dişini göni içegede ýerleşdirmeli.
IUHD.Shadurdyyev Ahmet